Facebook Instagram-y hem-de WhatsApp-y satyn alandygy üçin kazyýete çekilýär

  • 25.08.2021 17:17
  • 5.1k+

ABŞ-nyň Federal Söwda Geňeşi ýene-de Facebook-yň Instagram-y we WhatsApp-y bu hyzmatlary bäsdeş hökmünde ýok etmek üçin satyn alandygyny öňe sürdi. Bu satyn alyşlar, baryp, 2012-nji we 2014-nji ýyllarda amala aşyrylypdy diýip, msn.com ýazdy.

Amerikaly düzgünleşdiriji Facebook-yň garşysyna monopoliýa garşy kazyýet işini açdy. Oňa laýyklykda, FSG 9 we 7 ýyl ozal baglaşylan bu şertnamalaryň ýatyrylmagyny talap edýär. Mundan öň - iýun aýynda şuňa meňzeş ýüz tutmany kazyýetiň eýýäm ret edendigi - düzgünleşdirijiniň hiç hili subutna görkezmändigi aýdylýar. Şoňa laýyklykda, täze şikaýatda hökman subutnamalaryň bolmagy talap edilýär.

Facebook öz gezeginde hiç hili kanuny bozmandygyny ynam bilen tekrarlaýar.


şu gün 12:03
5.2k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......