Hytaýyň Baidu gözleg ulgamy geljegiň robotakisisini tanyşdyrdy

  • 23.08.2021 18:29
  • 8.5k+

Hytaýyň iň uly gözleg portaly bolan Baidu her ýyl geçirilýän «Baidu World» konferensiýasynda sürüji üçin oturgyç göz öňünde tutulmadyk awtoulagyň prototipini tanyşdyrdy. Öndürijileriň pikiriçe, özbaşdak hereket edýän şeýle awtoulaglar ýakyn iki ýylda Hytaýyň köçelerinde peýda bolup biler. Bu barada CNBC habar berýär.

Häzirlikçe prototipiň ady ýok, döredijileri hem oňa ýöne bir "robokar" diýäýýärler. Ol awtonom kapsuladan we adaty torpedanyň hem-de dolandyryş paneliniň ýerine uly multimediýa ekranyndan ybaratdyr.

Awtoulagyň dolandyrylyşyna sürüjiniň ýerine emeli intellektli iň täze Kunlun 2 çipi jogap berýär. Köp mukdarda maglumatlary gaýtadan işlemäge ukyply bolan bu çip özbaşdak dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmakda beýleki awtoulag öndürijileri tarapyndan hem ulanylyp bilner.

Baidu-nyň wekilleri häzirlikçe öz markasynda sürüjisiz awtoulag çykaryp-çykarmajakdyklaryny, bolmanda, munuň haçan bolup biljekdigini aýdyp bilenoklar. Emma bu täze çipiň önümçiligi eýýäm başlandy we analitikleriň pikiriçe, Kunlun 2 Baidu-a millionlarça dollarlyk girdeji gazanmaga kömek eder.


06.07.2025 15:43
2k+

ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler...

05.07.2025 19:13
4k+

Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär...

29.06.2025 12:54
4.2k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...

22.06.2025 18:06
7.2k+

Neuralink-iň çibi oturdylan meýletinçi bir hepdede pikiriň güýji bilen wideo oýun oýnamagy öwrendi

ABŞ-nyň Aýdaho ştatynyň ýaşaýjysy Rob Greýner Neuralink kompaniýasynyň neýroçibi oturdylan altynjy meýletinçi boldy. 2022-nji ýylyň dekabryndaky awtoulag heläkçiliginden soň ysmaz bolan erkek adam indi ekrandaky kursory elleriniň kömegi bolmazdan, diňe pikir güýji arkaly dolandyryp bilýär...