Menni Pakýao Ugasdan ýeňlip, WBA wersiýasy boýunça dünýäniň superçempiony titulyny yzyna alyp bilmedi

  • 23.08.2021 15:17
  • 11k+

Filippinli Menni Pakýao 66,68 kg çenli agram kategoriýasynda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) wersiýasy boýunça dünýäniň superçempiony titulyny yzyna alyp bilmedi. Las-Wegasda geçirilen 12 raundlyk söweşde ol emin agzalarynyň karary bilen titulyň eýesi kubaly Ýordenis Ugasdan ýeňildi (113-115, 113-115, 112-116).

Ilkibaşda Pakýao amerikaly Errol Spens bilen duşuşmalydy, ýöne ol lukmançylyk görkezmeleri boýunça söweşden aýryldy.

Pakýao üç ýeňişden ybarat tapgyryny tamamlady. 2018-nji ýylyň iýul aýynda filippinli türgen 7-nji raundda argentinaly Lukas Matisseni tehniki nokaut bilen ýeňip, WBA wersiýasy boýunça yzygiderli dünýä çempiony titulyna eýe boldy, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda utuk boýunça amerikaly Edrien Bronerden üstün çykyp, tituly gorady, 2019-njy ýylyň iýul aýynda bolsa emin agzalarynyň karary bilen amerikaly Kit Turmany ýeňip, dünýäniň superçempiony titulyny gazandy. Şu ýylyň ýanwar aýynda WBA-nyň ýolbaşçylygy karýerasyndaky uzak arakesme sebäpli, Pakýaony “rugsatdaky çempion” diýip belledi, onuň tituly bolsa Ugasa geçirildi. Pakýao 2019-njy ýylyň iýul aýyndan bäri ringe çykanokdy diýip, TASS belleýär.

Indi 42 ýaşly Pakýaonyň hasabynda 62 ýeňiş (39-sy nokaut bilen), sekiz ýeňliş we iki deňme-deňlik bar. Ol taryhda sekiz agram kategoriýasynda dünýä çempiony bolan ýeke-täk boksçydyr. 

35 ýaşly Ugas 27-nji ýeňşini (12-si nokaut bilen) gazandy, onuň dört ýeňlişi bar. Ol 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda amerikaly Abel Ramosy ýeňip, WBA wersiýasy boýunça yzygiderli dünýä çempiony titulyna eýe boldy. Höwesjeň ringde ol dünýä çempiony (2005) we Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysy (2008) boldy.


08.05.2026 10:25
5.1k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.7k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....