Menni Pakýao Ugasdan ýeňlip, WBA wersiýasy boýunça dünýäniň superçempiony titulyny yzyna alyp bilmedi

  • 23.08.2021 15:17
  • 11k+

Filippinli Menni Pakýao 66,68 kg çenli agram kategoriýasynda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) wersiýasy boýunça dünýäniň superçempiony titulyny yzyna alyp bilmedi. Las-Wegasda geçirilen 12 raundlyk söweşde ol emin agzalarynyň karary bilen titulyň eýesi kubaly Ýordenis Ugasdan ýeňildi (113-115, 113-115, 112-116).

Ilkibaşda Pakýao amerikaly Errol Spens bilen duşuşmalydy, ýöne ol lukmançylyk görkezmeleri boýunça söweşden aýryldy.

Pakýao üç ýeňişden ybarat tapgyryny tamamlady. 2018-nji ýylyň iýul aýynda filippinli türgen 7-nji raundda argentinaly Lukas Matisseni tehniki nokaut bilen ýeňip, WBA wersiýasy boýunça yzygiderli dünýä çempiony titulyna eýe boldy, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda utuk boýunça amerikaly Edrien Bronerden üstün çykyp, tituly gorady, 2019-njy ýylyň iýul aýynda bolsa emin agzalarynyň karary bilen amerikaly Kit Turmany ýeňip, dünýäniň superçempiony titulyny gazandy. Şu ýylyň ýanwar aýynda WBA-nyň ýolbaşçylygy karýerasyndaky uzak arakesme sebäpli, Pakýaony “rugsatdaky çempion” diýip belledi, onuň tituly bolsa Ugasa geçirildi. Pakýao 2019-njy ýylyň iýul aýyndan bäri ringe çykanokdy diýip, TASS belleýär.

Indi 42 ýaşly Pakýaonyň hasabynda 62 ýeňiş (39-sy nokaut bilen), sekiz ýeňliş we iki deňme-deňlik bar. Ol taryhda sekiz agram kategoriýasynda dünýä çempiony bolan ýeke-täk boksçydyr. 

35 ýaşly Ugas 27-nji ýeňşini (12-si nokaut bilen) gazandy, onuň dört ýeňlişi bar. Ol 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda amerikaly Abel Ramosy ýeňip, WBA wersiýasy boýunça yzygiderli dünýä çempiony titulyna eýe boldy. Höwesjeň ringde ol dünýä çempiony (2005) we Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysy (2008) boldy.


07.04.2026 00:00
6.3k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....

01.04.2026 16:05
2.9k+

Dmitriý Biwol Ýekaterinburgda Mihael Eýfert bilen titul urşuny geçirer

Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) ýarym agyr agram boýunça dünýä çempiony, russiýaly Dmitriý Biwol germaniýaly Mihael Eýfert bilen......

10.03.2026 18:35
4.4k+

Tim Szýu Awstraliýadaky ýaryşda ýeňilmezek Denis Nurja bilen urşar

5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar...

01.03.2026 11:00
7.4k+

Aleksandr Usik Müsür piramidalarynyň ýanynda «kikboksyň şasyna» garşy urşar

Ukrain boksçysy Aleksandr Usik 2026-njy ýylyň ýazynda nederlandly Riko Werhuwene garşy uly söweş geçirer diýip, Ring žurnaly habar berýär. Resmi taýdan "Glory in Giza" diýlip atlandyrylan söweşi 23-nji maýda geçirmek meýilleşdirilýär...