Türkmenistanda ilat ýazuwyny geçirmek üçin wagtlaýyn işgärler alnar

  • 23.08.2021 12:01
  • 26k+

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek we maglumatlary toplamak üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekmegiň hem-de ýerine ýetiren işleri üçin olara berilýän birwagtlaýyn tölegiň tertibi kesgitlendi. Ol Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň 3-nji awgustda çykaran buýrugy bilen tassyklandy.

Ilat ýazuwyny geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti kämillik ýaşyna ýeten, ýokary ýa-da orta hünär bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlaryny işe çekmäge haklydyr. Türkmenstat bilen şu bölekde görkezilen işe çekilen raýatlaryň gatnaşyklary 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin Şertnama esasynda düzgünleşdirilýär.

Şeýle hem 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin Şertnamanyň nusgasy tassyklanyldy. Sanaýjy hökmünde işe çekilen raýatlara Ilat ýazuwy döwründe ýerine ýetiren işi üçin birwagtlaýyn tölegiň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen zähmet hakynyň iň pes möçberinden pes bolmaly däldir. Belläp geçsek, Türkmenistan boýunça iň pes zähmet haky häzirki wagtda 957 manat möçberde kesgitlendir.


şu gün 11:24
3.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.6k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.8k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

15.06.2026 15:47
9.6k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....