Türkmen Lideri «Fitch Ratings» agentliginiň Türkmenistana beren bahasyna kanagatlanma bildirdi

  • 21.08.2021 02:16
  • 14k+

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda türkmen Liderine «Fitch Ratings» halkara agentliginiň Türkmenistan üçin kesgitlenen derejeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, halkara reýting agentligi Türkmenistana ilkinji gezek şeýle bahalandyrma berdi. Bu barada TmCars.info giňişleýin maglumaty ozal hem okyjylarymyza ýetiripdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistan üçin berlen halkara derejeleriň döwletimiziň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berjekdigini belledi. Munuň özi Türkmenistan üçin örän uly abraýdyr. Şonuň üçin hem Türkmenistana döwürleýin esasda derejeleri almak we ony has-da ýokarlandyrmak boýunça halkara agentlikler bilen zerur işleri mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmak möhümdir.


düýn 12:28
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-nde Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

15-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, aýratyn-da, medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler...

düýn 12:24
1.1k+

Türkmenistan BMG-niň Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy

14-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýän Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň (UNAOC) 11-nji Ählumumy forumyna gatnaşdy...

düýn 11:58
4.3k+

Türkmenistan Owganystan boýunça Tähranda geçirilen maslahatlara gatnaşdy

Türkmenistan 14-nji dekabrda Tähranda Owganystan boýunça geçirilen ýokary derejeli sebit duşuşygyna gatnaşdy. Maslahatyň esasy maksady — ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin sebitara çemeleşmeleri utgaşdyrmakdan ybarat boldy...

16.12.2025 16:59
2.9k+

Türkmenistan San-Tome we Prinsipi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistan resmi taýdan San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Teswirnamana gol çekmek dabarasy 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirildi...