Blokbasterlere gatnaşandygy üçin iň ýokary hak alýan Golliwud aktýorlarynyň sanawy düzüldi

  • 21.08.2021 01:54
  • 9.3k+

Variety neşiri 2021-nji ýylda Golliwudda iň ýokary gonorarly aktýorlaryň sanawyny düzdi diýip, gazeta.ru habar berýär. Bu sanawda birinji orny Raýan Jonsonyň “Knives Out” filminiň iki bölüminde surata düşendigi üçin 100 mln dollar alan Deniýel Kreýg eýeledi. Iki kartina-da Netflix akymynda çykar. Iki film dowamyna hukuk almak üçin striming ägirdi 469 mln dollar çykardy. Birinji sikweliň surata düşürilmegi dowam edýär, onuň 2022-nji ýylda çykmagyna garaşylýar.

Ikinji orny Dueýn “Gaýa” Jonson eýeledi – ol Amazon Studios üçin “Red One” başdan geçirmeler komediýasy surata düşürilenden soň 50 mln dollar alar. Üçünji orunda “King Richard” üçin 40 mln dollar bilen Uill Smit, dördünji orunda “The Little Things” üçin şol bir mukdar bilen Denzel Waşington ýerleşdi. “Don’t Look Up” komediýasy üçin 30 mln dollar alan Leonardo Di Kaprio bolsa bäşinji orny eýeledi.

Iň ýokary hak alýan artistleriň onlugyna Mark Uolberg, Jennifer Lourens, Juliýa Roberts, Sandra Ballok we Raýan Gosling hem girdi. Sanawyň iň soňky ornunda “Betmen” filmine gatnaşandygy üçin üç million dollar gonorar bilen Robert Pattinson ýerleşdi.

16.04.2026 22:53
1.5k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
5.6k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.2k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....