N.Nazarbaýew Täjigistany, Özbegistany we Türkmenistany Ýewraziýa Ykdysady Birleşigine goşulmaga çagyrdy

  • 20.08.2021 03:31
  • 22k+

19-njy awgustda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda Ýewraziýa Ykdysady Birleşiginiň agzalarynyň sanyny köpeltmek bilen bagly meselä hem garaldy. Hususan-da, Nursultan Nazarbaýew Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň tarapdarydygyny aýtdy. Bu barada ria.ru saýty habar berýär.

Gazagystanyň ilkinji Prezidenti: «Bu guramanyň hormatly başlygy hökmünde men wakalara syn edýärin, bize guramany berkitmek zerur. Biziň goňşularymyz — Özbegistan we Täjigistan hem bu ýerde bolmaly, ýene-de Türkmenistan bilen hem işleşmek gerek» diýmek bilen, bu ugurda anyk çäreleriň görülmelidigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri hereket edýän Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi sebitleýin ykdysady integrasiýanyň halkara guramasy bolup, ol Gümrük Birleşiginiň we Ýeke-täk ykdysady giňişligiň binýadynda döredildi. Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Gyrgyzystan bu guramanyň agzalary, Moldowa, Özbegistan we Kuba bolsa onda synçy derejesine eýedir.


düýn 15:48
4.2k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......