5 minutda 200 müň gurluş: Xiaomi Mi Pad 5 tapgyryny bazara çykardy

  • 19.08.2021 16:35
  • 7k+

Birnäçe gün mundan öň Xiaomi kompaniýasy Hytaýdaky içki bazarynda Mi MIX 4 smartfonuny hem-de Mi Pad 5 seriýasyny, şeýle-de birnäçe beýleki önümleri resmi taýdan çykardy. 16-njy awgustda gurluşlar hytaý bazarynda ilkinji gezek resmi taýdan satuwa çykaryldy diýip, astera.ru habar berýär.

Kompaniýa ilkinji satuwynda bary-ýogy bir minutda 300 million ýuanlyk ($46,3 mln) önüm satmagy başarandygyny aýtdy. Şeýle-de, kompaniýa bäş minutda Mi Pad 5 seriýasyndan 200 000 gurluşyň satylandygyny habar berdi.

Şeýle-de bolsa, adamlar planşet aksessuarlarynyň, şol sanda klawiaturanyň we stilusyň bolmazlygyna nägilelik bildirdiler. Kompaniýa muny göz öňünde tutup, bu meseläni çözmäge synanyşjakdygyna wada berdi.

Täze planşetleriň ikinji tapgyrynyň satuwa haçan çykaryljakdygy habar berilmedi. Sentýabr aýynda Mi Pad 5 seriýasy ýewropa bazarynda hödürlener.

Häzirki wagtda, Hytaýda ýokarda agzalan planşet modeli 310 dollardan 540 dollar aralygynda satylýar. Model 11 dýuýmlyk IPS matrisa esaslanýan displeýe eýe boldy. Xiaomi Mi Pad 5-iň kuwwaty 8720 mA/s bolan akkumulýatory bar.


düýn 11:34
3.7k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

09.05.2026 16:36
3.8k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......