2020-nji ýylda Ilon Maskyň Tesla-daky aýlygy nol dollara barabar boldy

2020-nji ýylda Ilon Maskyň Tesla-daky aýlygy nol dollara barabar boldy

Tesla kompaniýasynyň habaryna görä, onuň ýerine ýetiriji direktory Ilon Mask geçen ýyl resmi taýdan nol dollar gazandy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

2019-njy ýylda Maskyň aýlygy 23760 dollar bolupdy. Kompaniýanyň habaryna görä, her bir işgäriň aýlygy onuň topardaky ornuny, zähmet öndürijiligini we bazar bäsdeşligine ukyplylygyny göz öňünde tutup hasaplanýar. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, 2019-njy ýylyň maý aýynda Maskyň haýyşy boýunça kompaniýa bu tölegleri aýyrdy.

Ýeri gelende bellesek, Maskyň esasy girdejisi Tesladaky paýnamalaryndan gelýär. Bu bolsa, belli bir aýlygy bolmasa-da, ony dünýäde iň köp aýlyk alýan direktorlaryň birine öwürýär.

Häzirki wagta çenli Ilon Maskyň baýlygy 187,2 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Ol bu görkezijide Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýtsden hem öňe geçýär.