Toyota Corolla awtoulaglarynyň 50 milliondan gowragy satyldy

Toyota Corolla awtoulaglarynyň 50 milliondan gowragy satyldy

Toyota Corolla henizem dünýäde iň giň ýaýran awtoulag bolmagynda galýar. Ýakynda bolsa onuň Awstraliýadaky bölümi kompaniýanyň 50 milliondan gowrak awtoulag satyp, rekord goýandygyny habar berdi. Bu barada motor.ru ýazdy.

Awstraliýanyň awtoulag bazary Corolla-nyň şeýle meşhurlyga ýetmeginde möhüm orun eýeleýär. Birinjiden, Awstraliýa Corolla-nyň eksport edilip başlanan ilkinji ýurtlarynyň biri bolupdy (bu 1966-njy ýylda bolup geçdi), ikinjiden bolsa, modeliň ýerli bazardaky 54 ýylynyň içinde bu awtoulagyň 1,5 million nusgasy satyldy.

Häzire çenli Toyota Corolla dünýäniň 150 ýurduna ýol saldy we Ýaponiýa, Braziliýa, Wenesuela, Hytaý, Pakistan, Günorta Afrika, Taýwan, Taýland, Wýetnam, Türkiýe, ABŞ we Beýik Britaniýadaky 12 zawodda öndürilýär. Statistikalara görä bolsa, dünýäde her 30 sekuntda bir Corolla satylýar.

1966-njy ýyldan bäri öndürilýän we 12 neslini çykaran bu model eýýäm 1997-nji ýyl çenli taryhda iň köp satylan awtoulaglaryň sanawynda öňdebaryjy boldy. 2005-nji ýylda bolsa bütin dünýäde 30 million nusgasy satylanda Corolla Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.