Toyota Corolla awtoulaglarynyň 50 milliondan gowragy satyldy

  • 14.08.2021 09:12
  • 13k+

Toyota Corolla henizem dünýäde iň giň ýaýran awtoulag bolmagynda galýar. Ýakynda bolsa onuň Awstraliýadaky bölümi kompaniýanyň 50 milliondan gowrak awtoulag satyp, rekord goýandygyny habar berdi. Bu barada motor.ru ýazdy.

Awstraliýanyň awtoulag bazary Corolla-nyň şeýle meşhurlyga ýetmeginde möhüm orun eýeleýär. Birinjiden, Awstraliýa Corolla-nyň eksport edilip başlanan ilkinji ýurtlarynyň biri bolupdy (bu 1966-njy ýylda bolup geçdi), ikinjiden bolsa, modeliň ýerli bazardaky 54 ýylynyň içinde bu awtoulagyň 1,5 million nusgasy satyldy.

Häzire çenli Toyota Corolla dünýäniň 150 ýurduna ýol saldy we Ýaponiýa, Braziliýa, Wenesuela, Hytaý, Pakistan, Günorta Afrika, Taýwan, Taýland, Wýetnam, Türkiýe, ABŞ we Beýik Britaniýadaky 12 zawodda öndürilýär. Statistikalara görä bolsa, dünýäde her 30 sekuntda bir Corolla satylýar.

1966-njy ýyldan bäri öndürilýän we 12 neslini çykaran bu model eýýäm 1997-nji ýyl çenli taryhda iň köp satylan awtoulaglaryň sanawynda öňdebaryjy boldy. 2005-nji ýylda bolsa bütin dünýäde 30 million nusgasy satylanda Corolla Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.


30.01.2026 18:50
5k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.2k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...

23.01.2026 15:51
2.2k+

Xiaomi SU7 Max 24 sagatda 4 264 km geçdi: bu önümçilik elektrokarlary üçin täze rekord

Xiaomi Auto kompaniýasy önümçilik elektromobilleri üçin täze rekord goýdy. Onuň döwrebaplaşdyrylan SU7 Max sedany 24 sagatda diňe zarýad almak üçin saklanyp, 4 264 km ýol geçdi. Ozal önümçilik elektromobilleriniň arasynda rekord geçen ýylyň tomsunda bir günde 3 961 km geçen Xpeng P7 liftbegine degişlidi...

21.01.2026 10:55
2k+

Chevrolet Corvette ZR1X ABŞ-nyň iň çalt önümçilik awtoulagy diýlip ykrar edildi

Chevrolet Corvette ZR1X Amerikada öndürilen iň çalt önümçilik awtoulagy hökmünde täze rekord goýdy. Superkar çärýek mil (402 metr) aralygy bary-ýogy 8,675 sekuntda geçip, pellehanada sagatda 256 km tizlige ýetdi...