Russiýada Çeburaşkanyň 55 ýyllygy mynasybetli atyr çykarylar

  • 12.08.2021 22:41
  • 5.2k+

20-nji awgustda Çeburaşkanyň döredilmeginiň 55 ýyllygy mynasybetli onuň adyny göterýän atyr köpçülige tanyşdyrylar. Bu barada "Soýuzmultpark"-yň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.

"Meşhur gahrymanyň 55 ýyllygynyň bellenilýän gününde multimediýa merkezinde nusgawy multfilmleriň birinde surata düşürilen asyl Çeburaşka gurjagy görkeziler we adybir atyr tanyşdyrylar" diýip, metbugat gullugy beýan edýär.

Mundan başga-da, şol gün "Soýuzmultparka" ýazyjy Eduard Uspenskiniň döreden eserinde Çeburaşkanyň tapylýan gutusynda bir tonna pyrtykal gowşurylar.

Çeburaşka gahrymany ilkinji gezek 1966-njy ýylda Eduard Uspenskiniň "Krokodil Gena we onuň dostlary" atly kitabynda peýda bolupdy. 1969-njy ýylda “Soýuzmultfilm” studiýasynda režissýor Roman Kaçanow tarapyndan “Krokodil Gena” filmi döredildi.


18.04.2026 15:16
3.3k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

15.04.2026 20:08
5.4k+

Moskwada dünýäniň iň uzyn tramwaý ugry ulanylyşa girizildi

Moskwada ikinji tramwaý diametri (T2) ulanylyşa girizildi, ol şeýle görnüşdäki ugurlaryň arasynda iň uzyny boldy. Paýtagtyň häkiminiň saýtynda habar berlişi ýaly, onuň uzynlygy 33 kilometre barabar....

01.04.2026 16:26
1.5k+

Aşgabatda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi

Aşgabatda 27–29-njy mart aralygynda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi. Çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermegi bilen «ROSKINO»......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....