Stiwen King pandemiýa barada kitap ýazmagy meýilleşdirýär

Stiwen King pandemiýa barada kitap ýazmagy meýilleşdirýär

Amerikaly ýazyjy Stiwen King koronawirus pandemiýasy barada kitap ýazmagy göz öňünde tutýar. Bu barada ol The View tok-şou ýaýlymynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Men gönüden-göni koronawirus barada gürrüň berýän kitaby ýazmak isleýärin. 2020-nji ýylyň wakalaryny alyp, olaryň romanda nähili şöhlelenjekdigini görmek isleýärin. Bu aňsad-a bolmaz” – diýip, ýazyjy belleýär.

Şeýle-de, King pandemiýanyň 2021-nji ýylyň awgust aýynda neşir edilen «Billi Sammers» detektiw romanynyň ýazylmagyna-da täsirini ýetirendigini belläp geçdi. Kitapdaky wakalar 2020-nji ýylda bolup geçýär. Sýužet boýunça gahrymanlar kruize gidýärler, ýöne 2020-nji ýylda koronawirusa garşy girizilen çäklendirmeler sebäpli bu mümkin bolmaýar, şonuň üçin ýazyjy eseriň hakykata ýakyn bolmagy üçin wakalary 2020-nji ýyldan 2019-njy ýyla geçirmeli bolýar.

Stiwen King tas 350 mln nusgada ýaýradylan 50-den gowrak romanyň awtorydyr. Onuň ilkinji «Kerri» romany 1970-nji ýyllaryň ortalarynda peýda bolýar, onuň yzyndan meşhurlyk getiren «The Shining» romany çykýar. 2003-nji ýylda ol amerikan edebiýatyna goşan goşandy üçin Milli kitap gaznasynyň medalyna mynasyp bolýar, 2014-nji ýylda sungatda gazanan üstünlikleri üçin Milli medal bilen sylaglanýar.