Gonkongda täze Greater Bay Airlines awiakompaniýasy döredilýär

  • 10.08.2021 18:31
  • 5.9k+

Gonkongda täze Greater Bay Airlines sebit awiakompaniýasy döredilýär we ol özüniň ilkinji uçuşyny 1-nji oktýabrda amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Pekine ilkinji gatnaw milli baýramçylyga – HHR-iň döredilmeginiň 72 ýyllygyna gabat getiriler diýip, “South China Morning Post” gazeti habar berýär. Bu barada finance.rambler.ru belläp geçýär.

Kompaniýa koronawirus pandemiýasy sebäpli giňden ýaýran çäklendirmeler bilen bagly awiasiýa pudagynyň ösüşi üçin çökgünlikli döwre garamazdan, işe girizmekçi bolýar. Başlangyç tapgyrda onuň awiaparky Boeing 737 seriýanyň üç uçaryny öz içine alar diýlip çaklanylýar.

Awiakompaniýanyň ýolbaşçylygy sentýabr aýynyň başynda zerur uçuş şahadatnamalaryny we howa gatnawy üçin ygtyýarnama almagy göz öňünde tutýar. Greater Bay Airlines Hytaýda we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 104 ugur boýunça ýolagçy we ýük gatnawlaryny ýola goýmagy maksat edinýär. 2025-nji ýyla çenli ol awiaparkyny 30 uçara, işgärler ştatyny 300 adamdan üç müň adama çenli giňeltmegi meýilleşdirýär.

Awiakompaniýany esaslandyryjylaryň biri Şençžende ýerleşýän Donghai Airlines-iň eýesi, işewür Bill Bongdyr. Ol başlangyç tapgyrda täze taslama 2 mlrd Gonkong dollaryny (258 mln dollar) maýa goýmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.


düýn 09:59
7.3k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

18.03.2026 09:46
4.3k+

ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes

ByteDance tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin «Forbes» žurnalynyň täze reýtinginde Hytaýyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 69,3 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar, bu bolsa telekeçä dünýädäki milliarderleriň sanawynda 26-njy orny eýelemäge mümkinçilik berdi...

01.03.2026 11:55
4.6k+

Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar...

10.02.2026 19:32
3k+

Labubu oýunjaklarynyň ýyllyk satuwy 100 million birlikden geçdi

Hytaýyň dizaýner oýunjaklaryny öndürýän Pop Mart kompaniýasynyň habar bermegine görä, geçen ýylyň dowamynda Labubu brendi bilen öndürilen önümleriň satuwy 100 million birlikden geçdi. Bu barada «Lianhe Zaobao» neşirinde bellenilýär...