Tokio 2020: 7-nji awgustda geçirilen ýaryşlaryň netijeleri

Tokio 2020: 7-nji awgustda geçirilen ýaryşlaryň netijeleri
  • Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň basketbolçylary Fransiýanyň toparyny 87:82 hasabynda utup, dört gezek Olimpiýa çempiony boldular. Kewin Dýurant öz toparyna 29 utuk getirdi.
  • Şenbe güni Sapporo şäherinde Keniýadan Peres Jepçirçir marafonda altyn medal gazandy. Bu keniýalylaryň ýeke-täk medaly bolmady. Kümüş medaly hem bu ýurtdan ýeňil atletikaçy Brijit Kosgeý aldy. Bürünç medala amerikaly Molli Zaýdel mynasyp boldy. 
  • Kristian Sorum we Anders Mol erkekleriň arasynda kenarýaka woleýboly boýunça altyn medal üçin oýunda russiýalylary utdular. Bu sportuň bu görnüşinde Norwegiýa üçin ilkinji Olimpiýa medaly boldy.
  • Amerikaly Nelli Korda golf boýunça ýaryşda Olimpiýa titulyna eýe boldy. Ýaponiýadan Mone Inami ýurduna kümüş medal alyp berdi. Bürünç medala Täze Zelandiýadan Lidiýa Ko mynasyp boldy.
  • Zenanlaryň arasynda orta agramda boks boýunça final söweşinde Türkiýeden Busenaz Surmeneli hytaýly Hun Guny (3:0) ýeňdi. Bu Ýaponiýada Türkiýäniň ikinji altyn medalydyr.
  • Braziliýadan boksçy Eber Souza erkekleriň arasynda orta agramda altyn medal gazandy. Onuň ukrainaly Aleksandr Hižnýak bilen söweşi üçünji raundda nokdaun bilen tamamlandy.