Täjigistanyň Prezidentine Merkezi Aziýa döwletleriniň Hormat nyşany gowşuryldy

  • 07.08.2021 07:08
  • 16k+

«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy tamamlanandan soňra Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bu nyşany ilkinji bolup alan Merkezi Aziýanyň Prezidenti boldy.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 2021-nji ýylyň 6-njy awgustyndaky 001 belgili Karary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, sebit ýurtlarynyň bilelikdäki bähbitlerini we başlangyçlaryny halkara giňişliginde ösdürmekde möhüm hyzmatlary üçin Täjigistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandy.


düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

30.04.2026 17:05
2.7k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......