Gruziýa şu ýylyň 4 aýynda Türkmenistana 1,7 mln dollarlyk oba hojalyk önümini eksport etdi

  • 04.08.2021 01:15
  • 6.4k+

Gruziýa 2021-nji ýylyň ýanwar – aprel aýlarynda Türkmenistana 1,7 mln dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport etdi. Bu barada Gruziýanyň oba hojalyk ministrligine salgylanyp, Trend habar berýär.

Edaranyň maglumatlaryna görä, bellenilen döwürde Türkmenistan Gruziýa 411 müň dollarlyk oba hojalyk önümlerini eksport etdi.
Ýanwar – aprel aýlarynda Gruziýa Türkmenistana, esasan, soýa şiresini, doňdurylan eti, guş etini we ýeralmany eksport etdi.
Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan Gruziýa guş etini, doňdurylan eti we çörek önümlerini eksport etdi.


şu gün 11:12
713

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...

şu gün 11:02
4.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi...

şu gün 10:18
2.4k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

şu gün 10:09
4.4k+

Mähri Bäşimowa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda ýokary derejedäki duşuşykda çykyş etdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy...