Amerikaly Dressel Olimpiýa oýunlarynda dördünji altyn medalyny gazandy

  • 02.08.2021 08:54
  • 2.9k+

Amerikaly Kaleb Dressel 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Dressel bu aralygy 21,07 sekuntda geçip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Ikinji orny fransiýaly Floran Manodu (+0,48), üçünji orny braziliýaly Bruno Fratus (+0,50) eýeledi.

Mundan öň 24 ýaşly türgen 100 metr aralyga erkin usulda, 100 metr aralyga batterflýaý usulynda, şeýle-de 4x100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça estafeta toparynyň düzüminde altyn medallara mynasyp boldy. Dresseliň hasabynda 2016-njy ýyldaky Olimpiadanyň iki altyn medaly we dünýä çempionatlarynda 13 ýeňşi bar. 
Manodu 30 ýaşynda, ol 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde 2012-nji ýylyň Olimpiýa çempionydyr. Tokioda alan kümüş medaly türgen üçin Olimpiýa oýunlarynda üçünji boldy. 32 ýaşly Fratus Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medalyny gazandy.


08.03.2026 13:24
11k+

Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda kimleriň tutluşjakdygy belli boldy

Şu tomusda taryhda ilkinji gezek UFC ýaryşy Ak tamyň çäginde geçiriler. Indi ýaryşyň doly sanawy hem mälim boldy — guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt UFC 326 ýaryşynyň dowamynda resmi duşuşyklary yglan etdi. Agşamyň esasy wakasy ýeňil agramda çempionlyk guşagy ugrunda Iliýa Topuriýa bilen Jastin Getjiniň arasyndaky tutluşyk bolar...

06.03.2026 10:10
17k+

Tramp Ak tamda Messini kabul etdi we onuň Peleden hem üstündigini ykrar etdi

«Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi, Ak tamda geçirilen dabaraly kabul edişlik wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Çäre klubyň Futbol boýunça ýokary ligasyndaky (MLS) ýeňşine bagyşlanyp geçirildi...

23.02.2026 02:06
4.4k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...

22.02.2026 12:10
6.4k+

Arkadag şäherinde we Awazada guruljak golf meýdançalarynyň taslamalary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...