Awgust aýynda kofeniň bahasy gymmatlar. Näme üçin?

Awgust aýynda kofeniň bahasy gymmatlar. Näme üçin?

Awgust aýynda kofeniň bahasy 10-12 göterime çenli ýokarlanyp biler. Braziliýada tas bir ýyllap dowam eden gurakçylykdan soňra howanyň temperaturasynyň adatdan daşary ýagdaýda pese düşmegi sebäpli, önümi iberijiler onuň bahasyny gymmatlatmagy göz öňünde tutýarlar. Çünki Braziliýada dänäniň hasyly ýyldan-ýyla 30 göterime çenli peselýär.

Kommersant.ru-nyň ýazmagyna görä, dünýä bazarynda kofeniň dänesiniň bahasy 2014-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijä deň boldy. Eksport edijiler çig malyň bahasy bilen birlikde, ony gaplamak üçin ulanylýan serişdeleriň we logistika hyzmatlarynyň hem ýokarlanandygyna salgylanýarlar.
Braziliýa dünýäniň kofe dänelerini öndüriji we eksport ediji iri döwletidir. Soňky ýüzýyllykda iň güýçli gurakçylykdan soňra, bu ýurt iýul aýynda adatdan daşary doňakçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Temperaturanyň pese düşmegi ýurduň kofe öndürýän esasy üç sebitinde — Parana, San-Paulu we Minas-Žeraýs ştatlarynda bolup geçdi. Uvenco döwlet kompaniýasynyň baş direktory Arwidas Alutis bu ýagdaýyň Braziliýada ýylyň-ýylyna kofe däneleriniň hasylynyň 30 göterime çenli peselmegine getirip biljekdigini aýdýar.  
Onuň bellemegine görä, koronawirus pandemiýasy hyzmatçy işgärleriň ýetmezçilik etmegine, logistiki kynçylyklara we ýükleri ýüklemekde bökdençliklere getirdi. Netijede, dünýä bazarynda kofe däneleriniň bahasy iýul aýynda tas iki esse ýokarlandy. Meselem, 2014-nji ýylyň oktýabryndan bäri Nýu-Ýork söwda biržasynda kofeniň arabika görnüşiniň bahasy 24-nji iýulda funtda 2 dollardan hem ýokary boldy. Bir aý mundan ozal onuň bahasy funtda 1,57 dollara barabardy.