Microsoft maliýe ýylyny rekord möçberli arassa girdeji we düşewünt bilen tamamlady

  • 31.07.2021 01:12
  • 2.8k+

Microsoft amerikan korporasiýasy 30-njy iýunda tamamlanan 2021-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça rekord möçberli arassa girdeji we düşewünt aldy. 

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, onuň arassa girdejisi 38% ýokarlanyp, 61,27 mlrd dollara, korrektirlenen girdeji 37% ýokarlanyp, 60,65 mlrd dollara ýetdi. Düşewünt 18% ýokarlanyp, 168,1 mlrd dollara barabar boldy.
Şol sanda dördünji maliýe çärýeginde arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründe alnan 11,202 mlrd dollar ýa-da paýnama üçin 1,46 dollar bilen deňeşdirilende, 47% ýokarlanyp, 16,458 mlrd dollar ýa-da paýnama üçin 2,17 dollar boldy.
Düşewünt 21% ýokarlanyp, bir ýyl ozalky 38,033 mlrd dollara garşy 46,152 mlrd dollara ýetdi. 
FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň çärýek girdejisini ortaça 44,22 mlrd dollar girdeji bilen paýnama üçin 1,92 dollar diýip hasapladylar.
Azure bulut serwisini we serwerler üçin programma üpjünçiligini çykarmak işini öz içine alýan Intelligent Cloud (“Akylly bulut”) bölümçesiniň girdejisi geçen çärýekde 30% ýokarlanyp, 17,375 mlrd dollara ýetdi. Hünärmenler görkezijini 16,39 mlrd dollar diýip hasapladylar.
Aýratyn-da, Office programmalar toplumyny işläp düzýän Productivity Business Processes bölümçesi girdejisini 25% - 14,69 mlrd dollara çenli artdyrdy. Analitikler 13,93 mlrd dollar bolmagyna garaşypdylar.
More Personal Computing biznesiniň girdejisi 9% ýokarlanyp, çaklanylan 13,78 mlrd dollara garanda, 14,09 mlrd dollara barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde Surface gurluşlarynyň satuwyndan gelýän girdeji 40%, oýunlaryň we konsollaryň satuwyndan gelýän girdeji 4% azaldy.
Microsoft dördünji maliýe çärýeginde paýdarlara diwident tölegleri we paýnamalaryny yzyna satyn almak görnüşinde 10,4 mlrd dollar gaýtaryp berdi, bu geçen ýylyň degişli döwründe bu maksatlar üçin sarp edilen mukdardan 16% ýokarydyr.
Microsoft-yň kapitallaşdyrmasy şu ýylyň başyndan bäri 28,6% ýokarlandy we häzirki wagtda 2,18 trln dollara barabar. Bu döwürde Dow Jones Industrial Average fond indeksi 14,8%, Standard & Poor’s 500 – 17,7% ýokarlandy.


düýn 09:42
986

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...

19.01.2026 10:46
4k+

Mask OpenAI bilen Microsoft-dan özüne 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap edýär

SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasyny berip, özüne öwez tölegi hökmünde 79 mlrd dollardan 134 mlrd dollara çenli tölemegi talap etdi...

18.01.2026 19:47
2k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...

16.01.2026 15:55
856

Microsoft toprak uglerody üçin uly möçberli karz şertnamasyna gol çekdi

Microsoft Indigo Carbon bilen 2,85 million toprak uglerody üçin karz satyn almak barada şertnama baglaşdy. Reuters-iň degişli çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, bu bazar boýunça iň uly şertnamadyr. Karzlar ABŞ-da topragy dikeltmek maksatly oba hojalyk taslamalary bilen baglanyşyklydyr...