Germaniýaly Jessika won Bredow-Berndl atly ýöreme boýunça ýaryşda altyn medal gazandy

  • 30.07.2021 13:43
  • 1.4k+

Germaniýaly Jessika won Bredow-Berndl Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda atly ýöreme boýunça ýaryşda ýeňiji boldy. Onuň umumy gazanan bahasy 91,732 bal boldy. Kümüş baýragy onuň watandaşy Izabell Wert, bürünç baýragy britaniýaly Şarlotte Dýužardin aldy. 

Jessika won Bredow-Berndl Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde toparlaýyn atly ýöremede hem çempion boldy. Onuň ýoldaşlary bolsa Izabel Wert bilen Doroteýa Şnaýder boldy.
Atly ýöreme boýunça ýaryşyň netijeleri:

  1. Jessika won Bredow-Berndl (Germaniýa) – 91,732;
  2. Izabell Wert (Germaniýa) – 89,657;
  3. Şarlotta Dýužardin (Beýik Britaniýa) – 88,543.

08.06.2025 23:21
9.3k+

Fransiýa Germaniýany utup, UEFA Milletler ligasynyň bürünç medallaryny aldy

UEFA-nyň Milletler ligasynyň üçünji orny ugrunda geçirilen duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysy Germaniýany ýeňlişe sezewar etdi. Oýun 8-nji iýunda Ştutgartda geçirildi we Didýe Deşamyň şägirtleriniň peýdasyna 2:0 hasap bilen tamamlandy...

05.06.2025 16:35
14k+

Portugaliýa ikinji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy. Ýarym finalda ol Germaniýany utdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynyň ýarym finalynda Germaniýanyň toparyny utdy. Duşuşyk Mýunhende geçirildi we portugaliýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde gollary Fransişku Konseýsau we Kriştianu Ronaldu geçirdi...

05.05.2025 10:32
4.8k+

Mýunheniň “Bawariýasy” 34-nji gezek Bundesliganyň ýeňijisi boldy

Mýunheniň “Bawariýasy” möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda 2024/25 möwsüminiň futbol boýunça Germaniýanyň çempionatynda öz ýeňşini üpjün etdi. Bu Lewerkuzeniň “Baýeri” 32-nji tapgyrda “Fraýburg” bilen deňme-deň – 2:2 hasabynda oýnandan soň belli boldy...

02.05.2025 16:38
8.1k+

Dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogynda bürünç medal gazandy

Türkmenistandan 16 ýaşly dzýudoçy Oguljan Ruslanowa Germaniýada geçirilen Ýewropa Kubogy ugrundaky ýaryşda (Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025) bürünç medal gazandy. Berlinde geçirilen ýaryşa 70 kilograma çenli agram derejesinde 16 ýurtdan 39 türgen gatnaşdy...