Maksim Hramsow 80 kg çenli agram kategoriýasynda taekwondo boýunça ýaryşda altyn medal gazandy

Maksim Hramsow 80 kg çenli agram kategoriýasynda taekwondo boýunça ýaryşda altyn medal gazandy

Russiýaly taekwondoçy Maksim Hramsow Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda 80 kg çenli agram kategoriýasynda final tutluşygynda iordaniýaly Saleh al-Şarabati ýeňdi. Bürünç medallary horwatiýaly Toni Kanaýet we müsürli Seýf Eýssa aldy. 

Bu medal russiýaly taekwondoçylar üçin häzirki Olimpiadada üçünji boldy. Mundan öň bürünç medaly 58 kg çenli agram kategoriýasynda Mihail Artamanow, kümüş medaly Tatýana Minina (57 kg çenli) aldy. 
Olimpiýa oýunlarynda taekwondo boýunça ilkinji medallar 2000-nji ýylda gazanyldy. Hramsowyň medaly Olimpiýa oýunlarynda ruslar üçin ilkinji altyn medal boldy. Tokiodaky Oýunlardan öň Russiýanyň milli ýygyndysynda Natalýa Iwanowa (2000) we Alekseý Denisenko (2016) baýrak alypdy. Olar öz hasabyna kümüş medal ýazdylar. 2012-nji ýylda Londondaky Olimpiadada Denisenko bilen Anastasiýa Baryşnikowa bürünç medal gazandy.