Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli şemalyň öwüsmegine we çabga garaşylýar

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli şemalyň öwüsmegine we çabga garaşylýar

Hepdäniň ortasynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde temperaturanyň +30 gradusa çenli aşak düşmegine garaşylýar. Meteorologlaryň çaklamalaryna görä, demirgazyk-günbatardan öwüsýän güýçli şemal salkyn howany hem-de çabgany getirip biler.

Balkan welaýatynda çarşenbeden penşenbä geçilýän gije güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar. Şemalyň tizligi sekuntda 25 metre ýetip biler. 29-njy iýulda 0,4 mm-e çenli ygalyň düşmegine, gündizine howanyň maksimal derejesiniň +31 gradusa deň bolmagyna garaşylýar. Kenarýaka etraplarynyň ýaşaýjylaryna seresaplylygy berjaý etmegi we hojalyk esbaplaryny açyk howada galdyrmazlygy maslahat berýäris.
Lebap welaýatynda şemalyň tizliginiň sekuntda 17 metre ýetmegi çaklanylýar. Ýagyş ýagmasa-da, howanyň birnäçe günläp +38 - +39 gradusa çenli gyzmagyna garaşylýar.
Mary welaýatynda hem ýagyna garaşylmaýar, şemalyň tizligi sekuntda 15 metre ýeter. Howa +39 gradusa çenli gyzar.
Daşoguz welaýatynda gündizki temperatura penşenbe güni +34 gradusa çenli düşer. Meteorologlar bu sebitde güýçli şemalyň öwüsmegine hem-de ýagynyň ýagmagyna garaşmaýarlar.
Aşgabada we Ahal welaýatyna ýagyş hem-de bulutlar penşenbede baryp ýeter. 1,3 mm-e çenli ygal düşüp biler. Agşamlaryna şemalyň temperaturasy sekuntda 15 metre çenli ýetip biler. Gündizine howanyň maksimal temperaturasy +33 gradusa barabar bolar.