Eýranyň milli demir ýoly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

Eýranyň milli demir ýoly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Komiteti özüniň Fuçžou şäherinde (Hytaý) onlaýn tertipde geçirilýän 44-nji sessiýasynda Eýranyň milli demir ýoluny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdy. Bu barada İRNA salgylanyp, Trend habar berdi.

Eýranyň uzynlygy 1400 km bolan milli demir ýoly "Demirgazyk-Günorta demirýoly" diýlip atlandyrylýar. Onuň gurluşygynyň başlanmagy 1926-njy ýylda tassyklanypdy we bir ýyldan soň eýranly, nemes we amerikan inženerleri 1,394 kilometrlik bu bölegiň gurluşygyna başlapdylar.
Bütindünýä mirasynyň Komitetiniň 44-nji sessiýasy 16-njy iýulda Hytaýyň Fuçžou şäherindäki Medeniýet we sungat merkezinde açyldy we ol 31-nji iýula çenli onlaýn tertipde dowam eder. Maslahatyň dowamynda 21 agzasy bolan Komitet Bütindünýä mirasynyň sanawynda öňden bar bolan 255 desganyň saklanyş ýagdaýyny gözden geçirer. Olaryň 53-si häzirki wagtda Bütindünýä mirasynyň howp astyndaky sanawyna girýär diýip, çeşme belleýär.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Bütindünýä mirasynyň sanawyna 39 sany täze desganyň (6 tebigy we 33 medeni) goşulmagy teklip edilýär.