Ispaniýanyň we Hindistanyň medeni desgalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

  • 27.07.2021 01:58
  • 3.5k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy Ispaniýadaky we Hindistandaky medeni desgalary Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdy. Bu karar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Komitetiniň Fuçžou şäherinde (Fujian welaýaty) geçirilýän 44-nji mejlisinde kabul edildi diýip, Trend habar berdi.

Has takygy, indi sanawa Madridiň Paseo del Prado bulwary bilen Buen Retiro seýilgähi hem girer. Madriddäki bulwarda Sibeles we Neptun ýaly uly suw çüwdürimleri, şeýle hem ÝUNESKO tarapyndan "şäheriň möhüm nyşany" hasaplanýan Sibeles meýdançasy bar. "Bu desga XVIII asyryň ösen absolýutizm döwründe şäher giňişligi we ösüşi baradaky täze ideýany özünde jemleýär" diýip, ÝUNESKO-nyň hünärmenleri belleýärler.
XVII asyra degişli Buen Retiro köşgünden galan 120 gektarlyk Buen Retiro seýilgähi Madridiň ýaşaýjylary üçin dynç alynýan ýer hasaplanýar. Onda XIX asyrdan häzirki güne çenli dürli bagçylyk usullary şöhlelenýär.
Telangana ştatynda ýerleşýän Kakatiýa-Rudreşwara ybadathanasy (Ramappa ybadathanasy) hem ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Ol Haýdarabadyň 200 kilometr demirgazyk-gündogaryndaky Palampet obasynda ýerleşýär we Şiwanyň esasy ybadathanasy hasaplanýar.


düýn 14:55
1.9k+

Meksikanyň sungat işgärleri Frida Kalonyň eserleriniň ýurtdan çykarylmazlygyny talap edýärler

Guardian neşiriniň habar bermegine görä, Meksikanyň 400-e golaý sungat işgäri hökümete açyk hat ýollap, Frida Kalonyň eserleriniň Ispaniýa iberilmeginiň şertlerini aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Medeni......

13.04.2026 14:43
5.6k+

Örän elhenç: 1485-nji ýylyň kitaby orta asyr Ispaniýadaky Gün tutulmasy hakynda gürrüň berýär

Teruel ýepiskoplygynyň arhiwinden 1485-nji ýyla degişli bolan örän seýrek inkunabula (çap maşynynyň ilkinji döwürlerinde çap edilen kitap) tapyldy. Bu kitapda lukman we astrolog Diego de Torresiň 1485-nji......

11.04.2026 11:39
6k+

90 ýaşly ýeňil atletikaçy iki sany dünýä rekordyny goýdy

Ispaniýaly türgen Manuel Alonso Polşanyň Torun şäherinde geçirilen weteranlaryň arasyndaky Ýewropa çempionatynda 90 ýaşdan ýokary toparda iki sany täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Marca we AS neşirleri......

10.04.2026 10:44
3.7k+

Hindistan kosmonawtlaryny Gimalaý daglarynda synagdan geçirýär

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Ladak sebitiniň belent daglyk ýerlerinde kosmonawtlaryň aşa agyr fiziki we psihologik şertlere uýgunlaşmagyny öwrenmäge gönükdirilen täze missiýasyna başlady....