Hindi başlangyjy iti “bagt boýunça işgär” hökmünde işe aldy

  • 03.06.2025 20:54
  • 4.5k+

Haýdarabatda ýerleşýän Harvesting Robotics başlangyjy altynsow retriwer itini “bagt işgäri” hökmünde hakyna tutdy. Bu barada The Indian Express habar berýär.

Kompaniýa Denwer atly itiň toparda dostlukly we oňyn atmosfera döretmäge kömek etjekdigini aýtdy.

"Ýogsa-da, ol kompaniýada iň gowy artykmaçlyklardan peýdalanýar" diýip, kompaniýany esaslandyryjy Rahul Arepaka LinkedIn-de ýazdy.

Makala itiň ofis stolynyň ýanynda oturan suraty goşulypdyr. Köp adamlar teswirinde başlangyjy peýdaly diýip atlandyrdylar, käbirleri şeýle kompaniýa işe ýerleşmäge  taýýardyklaryny aýdyp degişdiler.
Denwer eýýäm toparyň doly hukukly agzasy boldy. Onuň öz wizitkasy, e-poçtasy we duşuşyklarynyň tertibi bar.
Onuň borçlarynyň arasynda irden işgärleri garşylamak, arakesmelere gatnaşmak, dartgynly iş günlerinde amatly atmosferany döretmek we gysga wagtlyk resmi däl “kofe sessiýalaryny” geçirmek işleri bar.
Işgärler Denweriň peýda bolmagy bilen ofisde şatlygyň we rahatlygyň artandygyny aýdýarlar.


düýn 22:08
951

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....