Samsung Hindistanda ultra-inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny çykaryp başlady

  • 26.05.2025 17:05
  • 5.8k+

Samsung Hindistanyň Noida şäherindäki zawodda Galaxy S25 Edge smartfonynyň önümçiligine başlady. Bu barada kompaniýanyň wekiline salgylanyp, The Economic Times habar berýär.

“Galaxy S25 Edge ýokary öndürijilikli, inçe we ykjam smartfony gözleýän ulanyjylara gönükdirilendir. Ol Galaxy AI funksiýalary, şol sanda ulanyjylara şekil we ses arkaly hakyky wagtda smartfon bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän multimodal emeli aň bilen ýola goýulýar. Galaxy S25 Edge Hindistanyň Noida şäherindäki zawodda öndürilýär” – diýip, kompaniýada bellenildi.

Counterpoint Research-yň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Apple we Samsung Hindistanda öndürilen umumy smartfonlaryň 94%-ini emele getirdi. Samsung-yň paýy 20% boldy.
Bilermenler Samsung-yň Galaxy S25 Edge-i Hindistanda öndürmek kararynyň ýurduň önümçilik bazasy hem-de dünýäniň tehnologiýa landşaftynda innowasiýalar merkezi hökmünde ähmiýetiniň artmagyna subutnamadygyny belleýär.
Hindistanda Samsung-yň smartfon satuwy hem artýar. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa ýerli bazaryň 17%-ini eýeledi. Muňa flagman modeller, aýratynam, Galaxy S25 Ultra ýardam etdi.
Hindistanda Galaxy S25 Edge-iň satuwy 13-nji maýda başlady. Gurluşyň bahasy 109 000 rupiýadan ($1280) 122 000 rupiýa ($1433) ýetýär. 


düýn 22:08
951

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....