Hytaýly zenan türgenleri Olimpiadada tramplinden sinhronlaýyn bökmekde ýeňiş gazandylar

Hytaýly zenan türgenleri Olimpiadada tramplinden sinhronlaýyn bökmekde ýeňiş gazandylar

Hytaýly türgenler Tinmao Şi bilen Han Wan Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 3 metrlik tramplinden sinhronlaýyn bökmekde ýeňiş gazandylar.

Ýeňijiler bäş böküş üçin jemi 325,40 bal aldylar. Kümüş medaly Kanadanyň wekilleri Jennifer Abel bilen Melissa Sitrini Bolýe (300,78) aldy. Üçlügi Germaniýanyň türgenleri Lena Hentşel bilen Tina Punsel (284,97) jemledi.