Ýaponiýaly Hifumi Abe dzýudo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýaly Hifumi Abe dzýudo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýaly Hifumi Abe Olimpiýa oýunlarynda 66 kg çenli agram kategoriýasynda dzýudo boýunça final tutluşygynda gruziýaly Waža Margwelaşwilini ýeňdi. Bürünç medallary günorta koreýaly An Ba Ul we braziliýaly Daniel Karnin eýeledi. Şu ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç baýrakçysy russiýaly Ýakub Şamilow ikinji aýlawa ýetip, Margwelaşwiliden ýeňildi. 

Abeniň ýeňşinden ýarym sagat öň, onuň aýal dogany Uta Abe 52 kg çenli agram kategoriýasynda Olimpiýa çempiony boldy. Hifumi Abe 23 ýaşynda, ol iki gezek dünýä çempionydyr (2017, 2018).
Medal sanawynda bäş altyn, bir kümüş we üç bürünç medal bilen Hytaýyň milli ýygyndysy öňde barýar. Ikinji orny Ýaponiýanyň milli ýygyndysy (5-1-0), üçünji orny ABŞ-nyň topary (2-2-4) eýeleýär. Russiýanyň milli ýygyndysy bäşinji orunda ýerleşýär (1-2-2).