Ýaponiýaly Abe 52 kg çenli agramda dzýudo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýaly Abe 52 kg çenli agramda dzýudo boýunça Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýaly dzýudoçy Uta Abe Tokioda dowam edýän Olimpiýa oýunlarynda 52 kg çenli agram kategoriýasynda final tutluşygynda fransiýaly Amandin Býuşary ýeňdi. Bürünç medallary italiýaly Odette Juffrida we britaniýaly Çelsi Jaýls aldy. 

2019-njy ýylda dünýä çempionatynyň kümüş baýrakçysy russiýaly Natalýa Kuzýutina ikinji aýlawda ýaryşdan çykdy. Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiýa oýunlarynda ol bürünç medal gazanypdy. 
Abe 21 ýaşynda, ol iki gezek dünýä çempionydyr (2018, 2019).