Hytaýly şpagaçy Sun Iwen Olimpiýa ýaryşynyň altyn medalyny gazandy

  • 25.07.2021 08:40
  • 1.8k+

Hytaýly şpagaçy Sun Iwen şpagada gylyçlaşmak boýunça Olimpiýa ýaryşynyň finalynda Rumyniýanyň wekili Ana Mariýa Popeskuny ýeňdi. Söweş 11:10 hasaby bilen hytaýly türgeniň peýdasyna tamamlandy.

Bürünç medaly russiýaly Aýzanat Murtazaýewany ýeňen Estoniýanyň wekili Katrina Lehis aldy (15:8).
Sun Iwen 29 ýaşynda, ol 2016-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda topar birinjiliginde kümüş, şahsy bäsleşikde bürünç medaly gazandy. Ol iki gezek dünýä çempionydyr (2015, 2019).


01.02.2026 11:41
8.7k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

16.01.2026 22:23
5.5k+

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabynyň Hab-Port senagat sebitinde dekabr aýynda geçirilen motokross boýunça Hytaýyň çempionatynyň (CMX) halkara tapgyryna gatnaşdylar...

21.07.2025 18:50
4k+

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça ýygyndysy Dünýä çempionatynda altyn medal aldy

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän dünýä çempionatynda 348,4779 utuk gazanyp, topar hasabynda altyn medal aldy. Bu barada World Aquatics halkara federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär...

09.07.2025 20:06
7k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...