Hytaýly agyr atletikaçy Çihui 49 kg çenli agramda altyn medal gazandy

Hytaýly agyr atletikaçy Çihui 49 kg çenli agramda altyn medal gazandy

Hytaýly Hu Çihui Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda 49 kilograma çenli agramda agyr atletika ýaryşynda ýeňiji boldy. Çihui iki görnüşiň jemi boýunça 210 kg netijäni (94 kg – ilkinji synanyşykda + 116 – itekläp götermekde) görkezip, birbada üç Olimpiýa rekordyny goýdy. 

Ikinji orny Hindistanyň wekili Çanu Mirabai eýeledi, ol jemi 202 kg (87+115) göterdi. Üçünji orna indoneziýaly Windi Aýsa mynasyp boldy. Türgen 194 kg netijäni (84+110) görkezdi. 
Russiýaly Kristina Sobol ýaryşyň finalyna gatnaşyp bilmedi. Ol iki gezek ilkinji synanyşygynda 80 kg başlangyç agramy göterip bilmedi, soň 81 kg agramy götermekçi boldy, ýöne ahyrky synanyşygyny tamamlaman, kwalifikasiýada iň soňky boldy.