Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 13.07.2021 20:58
  • 8.5k+

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýulda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşdy. Taraplar çig mala esaslanmaýan pudaklarda, hususan-da, maglumat we aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şol sanda sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, «Merkezi Aziýa + Hytaý» platformasynyň çägindäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada HHR-niň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýty habar berýär.

Wan I türkmen Liderine HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň salamyny ýetirip, ýokary derejede işjeň ösdürilip, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň durnukly ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Wan Inyň üsti bilen Si Szinpine golaýda bellenilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň esaslandyrylmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli iň oňat arzuwlaryny ýollady. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny hem-de halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türkmen tarapy dostlukly ýurduň Hökümetine hoşallyk bildirdi.
Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysy geljek bäş ýyl üçin ähli ugurlary öz içine alýan hyzmatdaşlyk meýilnamasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtamak bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistan bilen gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hemişe uzak möhletleýin häsiýetde baha berýändigini, onuň geljegine uly umyt bildirýändigi belledi.
Şeýle hem Wan I «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, koronawirus pandemiýasyna garşy bilelikde göreşmek boýunça gatnaşyklary ösdürmek boýunça tekliplerini beýan etdi.


12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......