Fransiýada geçirilen synag konserti örtük dakmagyň peýdalydygyny tassyklady

Fransiýada geçirilen synag konserti örtük dakmagyň peýdalydygyny tassyklady

Parižde maý aýynda dört müň tomaşaçynyň gatnaşmagynda aýdym-saz konserti geçirilipdi. Bu tomaşaçylaryň her biri üç gün öňünden, çäräniň geçirilen güni we bir hepde soň, koronawirus üçin barlag tabşyrdylar. 

Synag konsertiniň esasynda oňa gatnaşmagyň kesel derejesine täsir etmändigi belli boldy. Bu hatda konsert güni birnäçe tomaşaçynyň kesellidiginiň anyklanandygyna garamazdan, şeýle netije berdi. Synagy geçirenleriň pikiriçe, örtükleriň dakylmagy wirusyň ýaýramagyna böwet boldy diýip, censor.net belleýär.
Konserte hroniki keselleri bolmadyk 18 ýaşdan 45 ýaş aralygyndaky adamlara gatnaşmaga rugsat berildi. Olar konsertden öň koronawirus üçin barlagdan geçip, konsert wagtynda gorag örtüklerini dakynmaly boldular. Tomaşaçylaryň maglumatlary şol agşam öýlerinde bolan 2500 adamdan ybarat gözegçilik toparynyň maglumatlary bilen deňeşdirildi.
Şeýle festiwal Barselonada hem geçirildi, ýöne ol tankyda sebäp boldy. Sebäbi Ispaniýada täze “delta” ştamy bilen keselleýänleriň sany barha artýar diýip, Euronews habar berýär. Kataloniýada soňky birnäçe günde üç müňden gowrak kesel ýagdaýy hasaba alyndy. Wirus, esasan, ýaşlaryň arasynda işjeň ýaýraýar, bu kategoriýada sanjym derejesi 10 göterimden hem geçmeýär.