Sindzo Abe Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileýi mynasybetli sylaglanan medaly gowşuryldy

  • 12.07.2021 05:48
  • 6.8k+

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň we Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň bilelikde guramagynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi G.Elýasow, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri, ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Sindzo Abe, Ýapon-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeý we beýleki birnäçe wekiller çykyş etdiler. Bu barada neutrality.gov.tm internet saýtynda habar berilýär.

Çärä Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, Daşary işler, Ykdysadyýet, söwda we senagat, Adalat ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri, ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Sindzo Abe Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda çykaran Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny berkitmekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Sindzo Abe özüne berlen bu ýokary sylaga çuňňur hormat bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we ýurduň Hökümetine çäksiz minnetdarlygyny beýan etdi hem-de geljekde-de iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde öz tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Ýeri gelende bellesek, Ýaponiýanyň Premýer-ministri bolup işlän döwürlerinde Sindzo Abe 2015-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda saparda bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçiripdi. Sindzo Abeniň taryhy saparyndan soň, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-sinde, orta okuw mekdepleriniň 12-sinde ýapon dili öwredilip başlandy. Şunlukda, ýurtda ýapon dilini öwrenýänleriň sany 50-den 7 müň adama çenli ýokarlandy.


düýn 19:01
901

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......