Ýewropada indi plastik gap-gaçlar we çöpjagazlar öndürilmez

  • 11.07.2021 07:37
  • 8.6k+

3-nji iýuldan Ýewropa Bileleşiginde bir gezeklik ulanylýan gap-gaçlaryň, tiz naharlar üçin plastik gaplamalaryň, içgiler üçin çöpjagazlaryň we pagtaly çöpjagazlaryň önümçiligi gadagan edildi. «Das Erste» teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Germaniýa hem bu başlangyja eýerýär, ýöne tebigaty goraýjylar bu gadagan etmäni ýeterlik däl hasaplap, ony tankyt edýärler. Ýurduň Hökümeti bolsa bu ýagdaýa bir gezeklik ulanylýan önümlerden el çekmegiň ilkinji ädimi hökmünde garaýar. Bu baradaky maglumaty russian.rt.com saýty paýlaşýar.

Germaniýada daşky gurşawy goramak meselesine akyl ýetirmek güýçlenýär. Muňa garamazdan, ýurtda her sagatda gyzgyn içgiler üçin bir gezeklik bulgurlaryň 320 müňe golaýy ulanylýar. Bu baradaky maglumatlary Daşky gurşaw federal ministrligi berýär. Ýurduň Hökümeti, şol bir wagtda, daşky gurşawa we klimata ýaramaz täsirini ýetirýän plastik önümlerini ýok etmek bilen bagly käbir çäreleri hem görýär. Germaniýa Ýewropa Bileleşiginiň bir gezeklik plastik önümleri gadagan etmek hakyndaky başlangyjyny hem durmuşa geçirip başlar.
Reňkli plastik çöpjagazlar bahym geçmişde galar. Bir gezeklik ulanylýan plastik önümleriniň ýene biri gündelikden durmuşymyzdan ýitip gider. 3-nji iýuldan bolsa tutuş Ýewropa Bileleşiginde täze düzgün girizildi: ýanyňda göterilýän bulgurlar, bir gezeklik ulanylýan gap-gaçlar, tiz naharlar üçin gaplamalar, içgiler üçin çöpjagazlar, şol sanda pagtaly çöpleri ýasamakda ulanylýan plastik çöpler hem indiden beýläk öndürilmez. Olaryň galan bölekleri entek satlyga çykarylyp bilner. Daşky gurşawy goraýjylaryň pikiriçe, bu karar ýeterlik däl. Olar bu önümleriň ýerine ulanyljak zatlaryň sarp edijilerde nädogry pikirleri döredip biljekdigini nygtaýarlar.


18.02.2026 07:37
7.2k+

Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi

Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler...

14.02.2026 14:15
3.1k+

Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler...

04.02.2026 10:47
3.4k+

Alymlar CO₂ derejesini peseltmek üçin agaçlary suwa basdyrmagy teklip edýärler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Ulf Býutgeniň ýolbaşçylygynda Demirgazyk buzly ummanynyň düýbüne agaçlary çümdürmek arkaly uglerody uzak möhletleýin saklamak usulyny hödürlediler. Bu ylmy garaýyş 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda NPJ Climate Action žurnalynda çap edildi...

31.01.2026 15:26
3.4k+

Paleontologlar 512 million ýyllyk deňiz ekoulgamyny tapdy

Hytaýyň Hunan welaýatynda 512 million ýyl taryhy bolan, şonda-da gowy saklanyp galan deňiz ekoulgamynyň galyndylary tapyldy diýip, New Scientist neşiri habar berýär. Bu tapyndy Ýer ýüzüniň taryhyndaky ilkinji köpçülikleýin gyrylmadan soň haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny jikme-jik seljermäge mümkinçilik berýär...