Smartfonlar we noutbuklar üçin döwülmeýän material oýlanyp tapyldy

  • 09.07.2021 12:51
  • 6k+

Alymlar ýumşak elektronikanyň täze görnüşini döretdiler. Bu material smartfonlary we beýleki gurluşlary zeper ýetende öz-özünden dikelýän ýa-da asla döwülmeýän görnüşde çykarmaga mümkinçilik berer. Bu barada ferra.ru saýty ýazýar.

Häzirki zaman gadžetleri jebis simler ulanylýan gaty materiallardan taýýarlanylýar. Täze ýumşak elektronika bu çeýe däl düzüm bölekleriň ornuny tutar. Onuň esasynda birnäçe ýyl mundan ozal mümkin däl ýaly bolup görnen önümiň berkliginiň derejesi ýokarlandyrylar.
Elektron shemalary döretmek üçin alymlar suwuk metalyň damjalaryny peýdalandylar. Şeýle çemeleşme elektronikany gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýär, ýagny birikdirilen gurluşlary garyşdyryp, hemme zady täzeden başlap bolýar. Täze shema deri ýaly ýumşak we berk bolýar. Olar has güýçli zeper ýetende-de işlemegini dowam edip biler.
Elbetde, maýyşgak smartfonlar entek döredilenok. Ýöne tehnologiýalaryň örän tiz ösüp-özgerýändigi bilen baglylykda, onuň ilkinji nusgalaryny ýakyn wagtda görmäge umyt edip bileris.


düýn 19:32
1.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....