Bloomberg ilat sanjymy boýunça öňdebaryjy ýurtlary belli etdi

Bloomberg ilat sanjymy boýunça öňdebaryjy ýurtlary belli etdi

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE), Seýşel adalary respublikasy we Bahreýn ilatyna täze koronawirusa garşy sanjym etmekde öňde barýan üç döwletdir diýip, Bloomberg agentligi belleýär. Bu barada TASS habar berýär.

Onuň resmi maglumatlara we beýannamalara esaslanýan hasaplamalaryna görä, BAE-de ýekşenbe gününe çenli 15,5 mln sanjym edildi. Bu ýurduň ilatynyň 72,3%-ini ýokançdan goramak üçin ýeterlik bolmaly. Ýurduň ilaty, takmynan, 10 mln adam.
Seýşel adalarynda, takmynan, 138 müň sanjym edildi. Bu 100 müň adamdan ybarat ilatyň 71,7%-ini gurşap alýar. Ilatynyň sany 1,5 mln adam bolan Bahreýn Patyşalygynda 2,07 mln sanjym edildi. Bu, çak edilişine görä, ýaşaýjylaryň 69,7%-ini goramak üçin ýeterlikdir.
Materialda hasaplamalarda dozalaryň hem bir gezek, hem iki gezek alynmagyny talap edýän derman serişdeleriniň göz öňünde tutulýandygy bellenilýär. Agentlik görkezilen gurşawyň doly sanjym alan ýaşaýjylaryň sanyna gabat gelmän biljekdigini nygtaýar.
Umumy alanyňda, 180 ýurtda 3,19 mlrd sanjym edildi. Agentligiň maglumatlaryna görä, bu dünýä ilatynyň 20,8%-ini öz içine alýar. Ýokary girdejili ýurtlarda sanjym, takmynan, 30 esse çalt ýaýradylýar diýlip, materialda bellenilýär.