Türkiýede alymlar birbada 11 sany gadymy piramidany tapdylar

Türkiýede alymlar birbada 11 sany gadymy piramidany tapdylar

Türkiýede arheologlar dünýäde iň gadymy ybadathana toplumlarynyň biri bolan Göbekli Tepe-den (Şanlyurfa welaýaty) uzak bolmadyk ýerde adam tarapyndan döredilen 11 sany uly depäni tapdylar. Türkiýäniň KHBS-niň habar bermegine görä, gum depeleri 100 kilometr aralykda ýerleşmek bilen, takmynan, 12 müň ýyl ozal gurlan ybadathana binasyny gurşap alýar diýip, weekend.rambler.ru belleýär.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý žurnalistler bilen söhbetdeşlikde alymlaryň bu sebiti “12 depe”, şeýle-de “Türkiýäniň günorta-gündogarynyň piramidalary” diýip atlandyrandyklaryny belledi. 

“Bu sebitiň özboluşly medeniýeti bar” – diýmek bilen, Ersoý depelerdäki iri gözleg işleriniň ýakyn wagtda tamamlanjakdygyny, jikme-jik hasabat barada sentýabr aýynda habar beriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Göbekli Tepe 2011-nji ýyldan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Ol ilkinji gezek 1963-nji ýylda Stambuldan we Çikagodan gelen arheologlar tarapyndan tapyldy.