Türkiýede emeli aň narlaryň we almalaryň ýetişişine gözegçilik eder

  • 08.03.2024 15:50
  • 6.1k+

Türkiýede emeli aň arkaly miweli agaçlara gözegçilik etmek üçin programma üpjünçiliginiň döredilendigi barada Anadolu habarlar agentligi habar berýär. Enjamlar nar we alma baglarynda miweleriň ýetişiş derejesini takyk kesgitlärler.

Taslama Siirt we Bartyn uniwersitetleriniň alymlarynyň goldaw bermegi bilen döredildi. Programma üpjünçiligi ilkinji gezek Siirtdäki nar we alma baglarynda, şeýle hem Mersindäki banan we apelsin plantasiýalarynda hasyllylygy öwrenmekde synag edildi.
Emeli aň dronlar tarapyndan alnan 2223 suraty derňedi. Ygtybarly maglumatlary almak üçin dronlar dürli günlerde we günüň dürli wagtlarynda ulanyldy, olar dürli taraplara we dürli howa şertlerinde uçdular.
Emeli aň miweleriň bişendigini 97% takyklyk bilen kesgitledi we çüýremek prosesini ýüze çykardy. Döredijiler öz oýlap tapyşlarynyň oba hojalygyndan başga ugurlarda hem ulanylyp bilinjekdigini belleýärler.
Türk alymlary oba hojalygynda dronlaryň hasyly suwlamak üçin has köp ulanylýandygyny nygtaýarlar. Indi bolsa olar miweleriň ýagdaýyny kesgitläp, hasyly wagtynda ýygnap, zyýankeşlere we kesellere garşy göreşip bilerler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....