Türkmenistanda 2021-nji ýylda 1 million 400 müň tonna däne ýygnaldy

  • 01.07.2021 11:28
  • 8.6k+

Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny tabşyrdylar.

2021-nji ýylda edermen daýhanlarymyz yhlasly zähmetleri bilen bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Döwlet Baştutany ýygnananlary, zähmetsöýer daýhanlary hem-de tutuş türkmen halkyny bu ajaýyp üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, “Edermen gallaçylarymyzyň gazanan zähmet ýeňişleri biziň ählimiziň bilelikde gazanan uly üstünligimizdir, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir we halkymyzyň baýlygydyr” diýip belledi.


03.12.2025 09:43
12k+

Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna baryp, oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

2-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy...

02.12.2025 11:28
10k+

Serdar Berdimuhamedow suw hojalygy pudagynyň tehniki binýady pugtalandyrmak boýunça işler bilen tanyşdy

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy...

02.12.2025 10:55
13k+

Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze maldarçylyk toplumy işe girizildi

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy ulanmaga berildi. Döwlet Baştutany Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň edara binasyna, onuň sanly bölümine baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy...

02.12.2025 09:47
6.2k+

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy...