Türkiýäniň Prezidenti türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady

  • 30.06.2021 14:45
  • 5.3k+

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli hem-de köpugurly işinde täze üstünlikler arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini aýdyp, dünýäniň ylmy-tehniki pikiriniň iň soňky gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara esaslanyp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiligine ünsi çekdi.
Iki ýurduň Liderleri ýurtlarymyzyň mizemez doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, ileri tutulýan ugurlaryň ençemesi boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtadylar.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......