Ummany plastik galyndylardan arassalamak üçin robot döredildi

  • 29.06.2021 17:17
  • 5k+

Oýun elektronikalaryny öndürmek bilen meşgullanýan "Razer" kompaniýasy ummanlary plastik galyndylardan arassalamak üçin niýetlenen robot döretdi. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

"Razer" kompaniýasy "ClearBot" bilen bilelikde ummanlary plastiklerden arassalaýan robot çykarmagy meýilleşdirýärler. Robot bütinleý awtonom görnüşde işlär diýip, çeşme nygtaýar. Munuň üçin ol özbaşdak öwrenmäge mümkinçilik berýän emeli intellekt tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Robot özünden iki metr uzaklykdaky plastik galyndylary kesgitläp bilýär. Suwdaky duz hem, güýçli tolkunlar hem onuň işine bökdençlik döretmez. Özi-de, enjam Gün şöhlesiniň hasabyna energiýa bilen üpjün ediler. Şeýle hem robotyň bir iş siklinde 250 kilograma çenli plastmassa ýygnajakdygy aýdylýar. 
Hünärmenleriň bellemegine görä, dünýä ummanlaryna her ýyl 11 million tonna plastik galyndylary zyňylýar. Bu işiň netijesinde kompaniýa geljekki nesiller üçin dünýäni has howpsuz etmäge çalyşýandygyny nygtaýar.


04.07.2025 18:28
3.5k+

Alymlar howadan agyz suwuny alýan “gabarçakly örtük” döretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary aşa gurak şertlerde-de, mysal üçin Sahara çölünde ýa-da Ölüm jülgesinde (ABŞ-da ýerleşýär)  howadan agyz suwuny alyp bilýän enjamy döretdiler diýip, Live Science ýazýar...

01.07.2025 19:20
6.3k+

Dyson ýylboýy ýertudana ösdürip ýetişdirmek üçin adaty bolmadyk ferma-maşyn döretdi

Dyson kompaniýasy ýylyň ähli paslynda ýertudana ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän innowasion enjamyny tanyşdyrdy. Täze enjam Angliýanyň gündogar bölegindäki Linkolnşir graflygynyň golaýyndaky aýna ýyladyşhana oturdyldy diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar...

29.06.2025 13:10
5.9k+

Gaýtadan işlenen plastik gormonal ulgam üçin zyýanly bolup çykdy

Plastik çökgünligine çözgüt gözläp, köp ýurtlar soňky onlarça ýylyň dowamynda plastikleri gaýtadan işlemäge aýratyn üns berdiler. Emma täze barlaglar bu usulyň hem howpsuz däldigini görkezýär. Nemes alymlarynyň geçiren ylmy işi Journal of Hazardous Materials žurnalynda neşir edilip, gaýtadan işlenen plastigiň janly organizmlere ýaramaz täsir ýetirip bilýändigini görkezdi...

26.06.2025 14:32
7.2k+

Plastik galyndylardan parasetamol öndürmegiň usuly tapyldy

Edinburg uniwersitetinden professor Stiwen Uollesiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary plastik galyndylarynyň derman öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini kesgitlediler. Bu barada Nature žurnalyndaky barlaga salgylanýan The Guardian ýazýar...