Estoniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kiberhowpsuzlyk boýunça mejlisini geçirer

  • 28.06.2021 13:13
  • 4k+

29-njy iýunda Estoniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde kiberhowpsuzlyk mowzugy boýunça ýokary derejeli mejlis geçirer. Bu barada Baltika respublikasynyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

BNS agentligi tarapyndan ýetirilýän habara görä, onlaýn mejlisi premýer-ministr Kaýa Kallas geçirer, Bütindünýä guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary, ýaragsyzlandyrmak meseleleri boýunça ýokary wekil Idzumi Nakamisu bolsa umumy doklad bilen çykyş eder.
Habarda bellenilişi ýaly, kiberhowpsuzlyk meselesi Estoniýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzasy hökmünde ileri tutýan ugurlarynyň biridir.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bäş sany hemişelik agzadan (Russiýa, Beýik Britaniýa, Hytaý, ABŞ, Fransiýa) we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki ýyllyk möhlete saýlanýan 10 wagtlaýyn agzadan ybarat. Estoniýa 2020-2021-nji ýyllarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň wagtlaýyn agzasydyr.


22.06.2026 00:57
5.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

11.06.2026 12:12
8.5k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
10k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....