Smartfony yssydan nädip goramaly?

  • 24.06.2021 17:22
  • 17k+

“Rossiýskaýa Gazeta” smartfony yssydan goramagyň bäş usuly barada makala çap etdi. Muny msn.com habar berdi.

Makala laýyklykda, smartfonyň tomusda gyzmagynyň öňüni almagyň iň esasy usullaryndan biri ony günüň aşagynda galdyrmazlykdyr. Smartfonyň günüň aşagynda galmagy batareýanyň aşa gyzmagyna, şeýle hem AMOLED displeýleriniň ýanmagyna getirip biler.
Smartfony yssydan goramagyň usullarynyň ýene biri hökmünde ony daşlyksyz (çeholsyz) ulanmak maslahat berilýär. Göni Gün şöhlesiniň täsiri astynda çeholly enjam has beter gyzýar, şonuň üçin ony aýyrmak maslahat berilýär.
Mundan başga-da, yssy wagtynda smartfona film we oýun oýnamak ýaly çylşyrymly işler bilen agram salmaly däl, sebäbi bu onuň hasam gyzmagyna getirýär. Şeýle hem, smartfonyňyza günüň aşagynda zarýad bermekden we öýjükli signal pes bolan ýagdaýynda ony ulanmakdan ýüz öwürmeli.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......