Hytaýda dogluş bilen bagly çäklendirmäni dolulygyna aýyrmak isleýärler

  • 22.06.2021 19:21
  • 13k+

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaýyň Hökümeti demografiýa syýasatyny üýtgetmek isleýär. Bu barada «The Wall Street Journal» neşirinde habar berilýär.

Biz saýtymyzyň okyjylaryna Hytaýda «bir maşgala — üç çaga» düzgüniniň girizilýändigini ozal habar beripdik. Indi bolsa Pekinde 2025-nji ýyla çenli ilat üçin dogluş bilen bagly çäklendirmäni dolulygyna aýyrmak isleýändikleri barada aýdýarlar. Syýasy ugry üýtgetmegiň esasy sebäbi ýurduň ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň peselmegi hem-de ilatyň düzüminiň ýoýulmagy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki güne çenli dogluşyň iň pes derejesini Hytaýyň welaýatlarynyň sebitlerinde hasaba alýarlar. Şoňa görä-de, täze düzgünler, ozaly bilen, oba ýerlerinde ýaşaýan ilata degişli bolar.
«The Wall Street Journal» neşiriniň ýazmagyna görä, şu ýylyň maýynda HHR-iň Baştutany Si Szinpin ýokary wezipeli partiýa ýolbaşçylaryna Hytaýyň ilatynyň garramagynyň ýurduň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirýändigini aýtdy we bu meseläni çözmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunlukda, 31-nji maýda Hytaýyň Hökümetiniň ýerli maşgalalara üç sany çaga rugsat berýändigi belli boldy. Ýöne bu çözgüdiň haçandan güýje girjekdigi mälim däl.
Häzir Hytaýda, takmynan, 1,4 milliard adam ýaşaýar. 1979 — 2015-nji ýyllarda ýurtda «bir maşgala — bir çaga» demografik syýasaty durmuşa geçirildi. 2016-njy ýylda ýurduň ýaşaýjylaryna ikiden köp bolmadyk çaga rugsat berildi. 2020-nji ýylyň başynda Hytaýda dogluşyň rekord derejede pese düşmegi bolsa ýurduň Hökümetini dogluş bilen bagly syýasata gaýtadan seretmäge mejbur etdi. Çünki 16 ýaşdan 59 ýaşa çenli işe ukyply diýlip hasaplanýan ilatyň sany azalyp, bir ýylda olaryň sany 890 müň adamdan az boldy. Şonuň bilen birlikde-de, ýurduň ilaty tiz garraýar.


30.06.2025 10:53
3.7k+

Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda geçirilen uly tanyşdyryş dabarasynda AI Glasses atly akylly äýneklerini hödürledi. Enjamda wizual interfeýs ýok, diňe ses arkaly dolandyrylýar. Sensor panel sag tutaryň üstünde ýerleşýär...

24.06.2025 00:22
8.4k+

Hytaýda 11 787 sany dron ulanylyp geçirilen şüweleň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Hytaýyň Çuňsin şäherinde dünýäde iň uly dronly ýagtylyk şüweleňi geçirildi. 17-nji iýunda Ýanszy derýasynyň üstünde bir wagtyň özünde 11 787 dron asmana galdy — bu görkeziji öňki dünýä rekordyny (10 197 dron) täzeledi...

23.06.2025 13:26
8.1k+

Hytaýda kung-fu hakyndaky nusgawy filmleri emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen dikeltmek isleýärler

Hytaýyň kino gaznasy we onuň hyzmatdaşlary emeli aň tehnologiýasy arkaly söweş sungaty baradaky 100 nusgawy filmi dikeltmek boýunça giň gerimli işe başladylar. Bu barada 27-nji Şanhaý halkara film festiwalynda yglan edildi diýip, Variety ýazýar...

22.06.2025 11:49
7.3k+

Hytaýda seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda hazynadan doly gadymy aramgähler tapyldy

Žiçžao şäher okrugynda (Şandun welaýaty, Hytaý) seýilgähdäki abatlaýyş işleri wagtynda arheologlar üç gadymy aramgähiň üstünden bardy. Bu barada Hytaýyň jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Arheologiýa institutyna salgylanyp, Independent habar berýär...