Porsche hytaý bazaryndan 1 müň 571 awtoulagyny yzyna alar

  • 19.06.2021 18:26
  • 17k+

Volkswagen toparyna girýän german kompaniýasy bolan Porsche indiki aýda hytaý bazaryndan öz awtoulaglarynyň 1 müň 571-sini yzyna alar. Bu barada HHR-iň Bazary kadalaşdyrmak boýunça döwlet müdirliginiň habaryna salgylanyp, trend.az maglumat berýär.  

Bu çäre 5-nji iýulda başlanyp, 2021-nji ýylyň 2-nji fewralyndan 11-nji maýy aralygynda goýberilip, Hytaýa eksport edilen Panamera we Taycan awtoulaglaryna degişli bolar.
Awtoulaglaryň öňdäki asgyçlarynyň dikligine gidýän aşaky çarhy olary ulanmagyň tehniki talaplaryna gabat gelmeýär we adatdan daşary ýagdaýlarda işe ukyplylygyny ýitirip biler. Munuň özi awtoulagy dolandyrmaga päsgelçilik bermek bilen, ýol heläkçiliginiň döremek howpuny ýokarlandyrýar. 
Sinhua agentligi Porsche (China) Motors Ltd-niň awtoulaglaryň zeper ýeten böleklerini mugt çalyşjakdygyny habar berýär.

şu gün 12:20
655

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

düýn 19:45
1.2k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

düýn 09:17
1.1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.5k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......