Baş Assambleýa Guterrişi BMG-niň Baş sekretary wezipesine ikinji möhlete belledi

Baş Assambleýa Guterrişi BMG-niň Baş sekretary wezipesine ikinji möhlete belledi

BMG-niň Baş Assambleýasy anna güni geçirilen mejlisde Antoniu Guterrişi bütindünýä guramasynyň Baş sekretary wezipesine ikinji möhlete belledi. Mejlisde degişli karary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygy Wolkan Bozkyr yglan etdi. Bu barada TASS habar berýär.

“Antoniu Guterrişiň BMG-niň Baş sekretary wezipesine 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli ikinji möhlete bellenendigini yglan etmek meniň üçin hormat. Guterrişiň bellenendigi baradaky rezolýusiýa ählumumy makullama bilen ses bermezden kabul edildi” – diýip, ol aýtdy.

Bu habardan soň, Bozkyr degişli karara garaşan Guterrişi zala çagyryp, oňa kasam etdirdi.
Guterriş BMG-niň Baş sekretary wezipesine ýeke-täk dalaşgärdi. Öň ony bütindünýä guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi goldady. BMG-niň Baş Assambleýasy diňe bir gezek, 1950-nji ýylda Howpsuzlyk Geňeşiniň teklipleri bilen ylalaşmady.
BMG-niň Baş sekretary bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar.