Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 17.06.2021 16:58
  • 8.4k+

Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow,  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy oňyn häsiýetlendirdiler. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki Komitetiň çäklerinde yzygider gepleşikler arkaly berkidilýän işjeň syýasy-diplomatik gatnaşyklar bellenildi. «Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa» formatda yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň Strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen bagly pikir alşyldy. Şu nukdaýnazardan, bu ugry iş ýüzündäki oňyn netijeleri gazanmaga gönükdirilen anyk meýilnamalar we maksatnamalar bilen baýlaşdyrmak boýunça türkmen tarapynyň teklibi beýan edildi.
Taraplar Türkmenistanda ÝB bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli taslamalaryň ähmiýetini bellediler. Ýaşyl we durnukly ykdysadyýet ulgamy, oba sebitlerini ösdürmek, hususy pudagy goldamak we Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak boýunça ýurduň tagallalaryna ýardam bermek babatdaky taslamalara aýratyn gyzyklanmalar nygtaldy.
Türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa bazarlaryna çykarmakda işleri ilerletmäge iki tarapyň ygrarlydygy bellenildi. Şeýle-de taraplar alternatiw energiýany ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Piter Burian hem-de Serdar Berdimuhamedow howpsuzlyk, energiýa, ulag, daşky gurşawy goramak we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly pikir alyşdylar. Milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň işjeň prosesleri bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ugurda ýewropa hünärmenleriniň nou-hauna gyzyklanmasyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda sebit we halkara derejelerde howpsuzlygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini kanagatlanma bilen bellediler.
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burianyň Aşgabada saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......